Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «Gündogaryň merjeni» atly sport we gözellik bäsleşiklerinde türkmen ahalteke bedewleri uly üstünlik gazandylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly bedew çapyşykda ýeňiji bolup, Aýgytly bolsa gözellik bäsleşiginiň absolýut ýeňijisi diýlip yglan edildi we Özbegistanyň Prezidentiniň baş baýraklaryna — täze ýeňil awtoulaglara, kuboklara hem-de güwänamalara mynasyp boldular.
Ussat seýisleriň we çapyksuwarlaryň gazanan bu şanly ýeňşi mynasybetli Aşgabat şäheriniň «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde dabaraly çäre guraldy. Hökümet agzalarynyň, diplomatlaryň we köp sanly ýaşaýjylaryň gatnaşan dabarasynda milli amaly-haşam sungatynyň, haly we zergärçilik önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ýeňiji bolan atşynaslar dabaranyň geçirilýän ýerine täze sowgat berlen awtoulaglarynda şatlyk-şowhun bilen gelip, duz-çörek bilen mähirli garşylanyldy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Şol bir wagtda Daşkent şäherindäki «Aşgabat» seýilgähinde hem baýramçylyk çäreleri geçirilip, onda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gutlag haty okaldy. Iki döwlet Baştutany hem öz gutlaglarynda ahalteke atlarynyň halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrýan möhüm nyşandygyny aýratyn nygtadylar.
Iki goňşy ýurduň doganlaşan paýtagtlaryny bezeýän seýilgählerde guralan çäreler medeni hem-de ruhy däpleriň ortaklygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Türkmen we özbek medeniýet ussatlarynyň, çagalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabaralara aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu taryhy wakalar, köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň we atçylyk pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze belentliklere çykýandygynyň aýdyň beýany boldy.
«THE ASHGABAT TIMES».