22-nji maýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisiniň çäklerinde möhüm ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew bilen duşuşdy. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda ýokary netijelilige eýe bolýandygyny aýratyn bellediler. Şeýle hem köpasyrlyk dostlukly baglanyşyklara we özara ynanyşmaga esaslanýan türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygynyň baý tejribesi netijesinde, şu günki günde syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara ugurlarda uly ösüşleriň gazanylandygy nygtaldy.
Duşuşykda parlamentara dialogyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi bellenildi. Taraplar özara döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň, şeýle hem ýaş we zenan parlamentarileriň yzygiderli duşuşyklarynyň kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmakda ägirt uly ähmiýete eýedigini aýtdylar.
Milli parlamentiň Başlygy D.Gulmanowa bu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi. Ol Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen ýola goýlan parlamentara arabaglanyşyga ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi.
Munuň bilen birlikde, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýewi Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.