Dark
Light
14.06.2026
kambojia 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-kamboja syýasy geňeşmeleriniň ilkinji tapgyry geçirildi

09.05.2026

2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Pnompen şäherinde Türkmenistanyň we Kamboja Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kamboja tarapyna bolsa Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet sekretary Ung Raçana ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň geçirilmeginiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin täsirli gural bolup durýandygyny nygtadylar.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin täze gözýetimleri açmaga gönükdirilen ýokary derejeli duşuşyklary guramagyň ähmiýetini bellediler. Onlaýn-duşuşyklary we dostluk toparlarynyň wekiliýetleriniň saparlaryny guramak arkaly parlamentara gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny yzygiderli artdyrmagyň zerurlygy bellenildi.

Halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Şu nukdaýnazardan, halkara başlangyçlary goldandygy we Türkmenistanyň öňe süren BMG-niň birnäçe Kararnamalaryna awtordaş bolup çykyş edendigi üçin Kamboja tarapyna minnetdarlyk bildirildi.

Taraplar, diňe bir sebitde däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda-da hyzmatdaşlygyň netijeli platformasy bolup durýan ASEAN ugry boýunça hyzmatdaşlyga hem jikme-jik degip geçdiler. Kambojanyň Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa + ASEAN» formatyny döretmek baradaky başlangyjyny goldaýandygy bellenildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde işewür toparlaryň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak, biznes-forumlary we söwda missiýalaryny geçirmek, dokma senagatynda, oba hojalygynda we önümleri gaýtadan işlemekde kooperasiýany ösdürmek, halkara ulag geçelgelerini ulanmak bilen ulag-logistika özara hereketlerini işjeňleşdirmek kesgitlenildi.

Ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmek üçin özara Medeniýet günlerini geçirmek meselesine seretmek teklip edildi. Taryhy-medeni mirasy wagyz etmek nukdaýnazaryndan, iki ýurduň syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Geňeşmeleriň ahyrynda taraplar iki döwletiň bähbitlerine laýyk gelýän gepleşikleri mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak ugruna ygrarlydyklaryny tassykladylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gadamly THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy

oba hojalygyyy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Agro Pack Turkmenistan» – özgertmeleriň hereketlendirijisi

Soňkylar Habar

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;

Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy

12.06.2026
TDH-da habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça
GitTop