Dark
Light
17.06.2026
yerewanda 1f6b1a8f2f8e794b944062f2d5f8e875 sm THE ASHGABAT TIMES

Türkmen telekeçileri Ýerewanda geçiriljek ulag-logistika sergisine çagyrylýar

18.05.2026

Türkmen telekeçileri 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Ermenistanyň Ýerewan şäherinde geçiriljek «Trans EXPO 2026» ulag we logistika boýunça 25-nji halkara ýöriteleşdirilen sergä gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Sergi «ARMENIA EXPO» halkara söwda-senagat forumynyň çäklerinde geçirilip, bu çäre ulag, logistika we awtoulag pudaklarynyň wekillerini bir ýere jemlär.

«Trans EXPO 2026» ýöriteleşdirilen serginiň çäklerinde awtoulaglar we logistika üçin häzirki zaman çözgütler, awtoulaglaryň, motorlaryň täze nusgalary, tehniki abatlaýyş hyzmatlary, şeýle hem ýük daşamalar, hyzmatlar ulgamyndaky innowasiýalar tanyşdyrylar.

Çäräni gurnaýjylaryň habar bermegine görä, sergi awtoulag we motor merkezlerini, awtoulaglar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we bölekleri, awtoulaglaryň himiýa serişdelerini, ýük we ýolagçy gatnatmak hyzmatlaryny, ulag hem-de logistika kompaniýalaryny, şeýle-de telekommunikasiýa çözgütlerini öz içine alar.

Çäräniň maksatnamasynda laýyklykda hyzmatdaşlyk boýunça duşuşyklary geçirmek, ulag we logistika pudagynyň wekilleri bilen tejribe alyşmak hem-de telekeçiligi ösdürmek üçin täze çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

british companies to visit tur 708cbabe9ec56bb5abe6a92d810e7ca6 sm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Britan kompaniýalary işewürlik sapary bilen Türkmenistana gelerler

garabogaz THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi» awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop