Dark
Light
17.06.2026
baku forum THE ASHGABAT TIMES

Türkmen wekiliýeti Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

20.05.2026

18-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-Habitat tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti bilen bilelikde guralan Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji mejlisine (WUF13) gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda forumyň gatnaşyjylaryny «akylly», «ýaşyl» we howpsuz şäher konsepsiýalaryny özünde jemleýän Arkadag şäheriniň mysalynda Türkmenistanyň döwrebap şähergurluşyk ulgamyndaky baý tejribesi bilen tanyşdyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda gurlan täze şäheriň taslamasynyň ekologik şertleriň ylmy seljermesine esaslanýandygy hem-de bökdençsiz şäher gurşawyny döretmäge, ekologik taýdan arassa ulaglary ösdürmäge we kuwwatly lukmançylyk klasterini kemala getirmäge gönükdirilendigi aýratyn bellenildi.

Forumyň öňüsyrasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliyew Derýageldi Orazowy kabul etdi. Duşuşygyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny ýetirdi. Prezident Ilham Aliyew salamlar üçin minnetdarlygyny bildirdi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa özüniň mähirli salamlaryny ýetirmegi haýyş etdi. Taraplar WUF13-iň gün tertibini, şeýle hem iki halkyň sarsmaz dostlugynyň we doganlygynyň nyşany hökmünde türkmen tarapyndan Fizuli şäherinde gurulýan metjidiň gurluşyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

6oos5xcjbpkkgspldxhuadb97f4dws 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory bilen duşuşyk barada

isler min b1848fc4e4d316fe2105f1228418a8bd sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň içeri işler ministri «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Soňkylar Habar

GitTop