Dark
Light
17.06.2026
garabogaz THE ASHGABAT TIMES

«Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi» awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar

18.05.2026

«Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi» awtomobil ýolunyň «Türkmenbaşy-Garabogaz» böleginde umumy uzynlygy 207 kilometr bolan, şeýle-de «Garabogaz-Gazagystan serhedi» böleginde umumy uzynlygy 43,6 kilometr bolan täze, döwrebap awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.

Häzirki wagtda gurluşyk işleri Türkmenistanyň awtomobil ýollary ministrliginiň buýrmasy esasynda «Altyn Nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýär. Kärhananyň hünärmenleri ýoluň «Türkmenbaşy-Garabogaz» böleginde ösümlik gatlagyny aýyrmak we toprak işlerini 13 sany meýdançada amala aşyrýarlar.

Şeýle hem awtomobil ýolunyň «Türkmenbaşy-Garabogaz» böleginde 778 sany tehnika işledilýär hem-de bir müňden gowrak hünärmen zähmet çekýär. «Garabogaz-Gazagystan serhedi» böleginde bolsa 216 sany tehnika işledilýär we 321 sany işine ökde hünärmen zähmet çekýär.

Mundan başga-da, «Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi» awtomobil ýolunyň «Türkmenbaşy-Garabogaz» böleginde iki sany suw arassalaýjy desganyň, awtoduralga meýdançasynyň, polisiýanyň ýol gözegçilik nokatlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Täze, döwrebap awtomobil ýolunyň uzynlygy 43,6 kilometr bolan «Garabogaz-Gazagystan serhedi» böleginiň gurluşyk işleriniň iýul aýynyň ahyrynda tamamlanylyp, tabşyrylmagy meýilleşdirilýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yerewanda 1f6b1a8f2f8e794b944062f2d5f8e875 sm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen telekeçileri Ýerewanda geçiriljek ulag-logistika sergisine çagyrylýar

awaza sargyt THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Awaza – 2026: tomusky dynç alyşdan öň onlaýn sargytlar artýar

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop