Dark
Light
17.06.2026
2026 05 22t15 53 02 b7ade4fc 191f 4195 9edd 47fb102aa067 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä göterilýär

22.05.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliýewi kabul etdi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň başynda hökümet baştutany Türkmenistanyň Baştutanyna Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Ikiçäk söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde duran birnäçe möhüm meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmäge, şeýle hem energetika we ulag pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berdiler.

Mälim bolşy ýaly, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Aşgabada amala aşyran bu saparynyň çäklerinde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

enn31tmohbrdljmwoe98irsworxdcj 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul edildi

2026 05 22t17 21 18 205669d9 46c4 4a5a a429 83a2a7c445d4 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleri geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop