Dark
Light
17.05.2026
habibmetro 578463f7cb46f6289eb32ed28c233c83 sm THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan bilen «HabibMetro» banky göni korrespondent gatnaşyklary ýola goýmagy meýilleşdirýär

02.05.2026

Türkmenistan bilen Pakistanyň täjirçilik banky «HabibMetro Bank» göni korrespondent gatnaşyklary ýola goýmak meselesini ara alyp maslahatlaşdy. Degişli meselä Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamowyň bankyň daşary ýurt wekilhanalary bilen işleşmek boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Fatima Zehra tarapyndan ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçiren duşuşygynda garaldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar maliýe-bank ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şol sanda hasaplaşyk mehanizmlerini kämilleşdirmäge we bilelikdäki taslamalary goldamaga aýratyn üns berdiler. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Habara bellenilişi ýaly, taraplar iki ýurduň maliýe edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge bolan isleglerini mälim etdiler. Bu ýagdaýyň işewürlik üçin has amatly şertleri döretmäge we maýa goýumlary artdyrmaga ýardam etjekdigi bellendi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmek we hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny öňe sürmek barada ylalaşdylar.

«HabibMetro Bank» — Pakistanyň öňdebaryjy täjirçilik banklarynyň biri bolup, ol Şweýsariýanyň “Habib Bank AG Zurich” toparyna girýär. 1992-nji ýylda esaslandyrylan bu bank söwda maliýeleşdirmesine we bölekleýin hyzmatlara ýöriteleşýär hem-de onuň düzümine 550-den gowrak şahamça girýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dil bilim THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dil öwrenmek, öwretmek asylly ýörelgedir

pakistan goni cd4b1303679288700d79aeddabbff9b1 sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan we Pakistan göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Soňkylar Habar

Buharestde türkmen-rumyn konsullyk geňeşmeleri geçirildi

15.05.2026
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Buharest şäherinde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde konsullyk geňeşmeleri geçirildi.
GitTop