Dark
Light
12.06.2026
mid dim THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan HHR-niň Hökümetiniň ýurdy birleşdirmek ugrunda edýän ähli tagallalaryny goldaýar

20.05.2026

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, halkara derejesinde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan öz daşary syýasatyny halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp, onuň esasy ýörelgeleriniň biri döwletleriň çäk bitewüligine hormat goýmakdan ybaratdygyny nazara alyp, Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümetdigini, Taýwanyň bolsa Hytaýyň çäginiň aýrylmaz bölegidigini ýene bir gezek tassyklaýar.

Türkmenistan «Bitewi Hytaý» syýasaty babatda öz ýörelgeleýin garaýşyna berk eýerýär, «Taýwanyň garaşsyzlygy» bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýär, Taýwan bogazynyň iki kenarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň parahatçylykly ösdürilmegini, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň ýurdy birleşdirmek ugrunda edýän ähli tagallalaryny goldaýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

isler min b1848fc4e4d316fe2105f1228418a8bd sm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň içeri işler ministri «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

susa festiwal THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Hary bülbül» atly halkara festiwalynda milli sungatymyz dabaralandy

Soňkylar Habar

GitTop