Dark
Light
17.06.2026
abs amerikan i 4b70754eac273f27f52bf2bcc0aa14b4 sm THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan we ABŞ amerikan işewür wekiliýetiniň Aşgabada saparyna taýýarlyk görýärler

21.05.2026

Türkmenistan we ABŞ amerikan işewür wekiliýetiniň Aşgabada guraljak saparyna taýýarlyk görýärler. Bu mesele Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçisi Esen Aýdogdyýewiň «ABŞ – Türkmenistan» Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we Geňeşiň agzasy bolan kompaniýalaryň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanasy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag, oba hojalygy, energetika we senaagat ulgamlarynda, şeýle hem hususy pudakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi bilen bagly meselelere garadylar.

Ilçi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady ileri tutýan ugurlary barada maglumat berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny berkitmekde «ABŞ – Türkmenistan» Işewürlik geňeşiniň möhüm ornuny aýratyn bellediler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy Türkmenistanyň ählumumy hyzmatdaşlykda gazanan üstünliklerini şöhlelendirer

ispaniya yb 7961f44653b3a08379349e2c8e1ff14d sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan bilen Ispaniýa ÝB-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler

Soňkylar Habar

GitTop