Dark
Light
17.05.2026
ermenistan ise bf30b691391de03fdaa2df43a58e76c1 sm THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan we Ermenistan işewürleriniň göni gatnaşyklaryny ýola goýmakda şertleri dörederler

06.05.2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýanyň arasynda 2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Ýerewanda geçirilen duşuşykda taraplar iki ýurduň täjirçilik düzümleriniň we hususy pudagynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleri döretmäge taýýardyklaryny bellediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar özara söwdanyň mukdaryny artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri ulanmagyň we olary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň esasy ornuna uly ähmiýet berdiler.

Söhbetdeşligiň başynda türkmen tarapy 5-6-njy maýda geçirilmegi meýilleşdirilen “Yerevan Dialogue 2026” atly abraýly halkara forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin ermeni tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Gepleşikleriň barşynda diplomatlar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik özara gatnaşyklaryň has-da ösýändigini tassykladylar we ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýady bolup hyzmat edýändigini bellediler.

Ministrlikleriň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm guraly hökmünde görkezildi. Mundan başga-da, halklaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmek maksady bilen, türkmen tarapy Ermenistanda Türkmenistanyň nobatdaky Medeniýet günlerini geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

haj zyyarat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

289 zyýaratçy haj parzyny berjaý etmäge iberiler

yerewan THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar

Soňkylar Habar

Buharestde türkmen-rumyn konsullyk geňeşmeleri geçirildi

15.05.2026
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Buharest şäherinde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde konsullyk geňeşmeleri geçirildi.
GitTop