Dark
Light
17.06.2026
nepal baydak THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Annapurna depesinde dikildi

18.05.2026

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, ýurdumyzyň energetika pudagynda işjeň zähmet çekýän «Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri planetanyň iň çykmasy kyn we howply belentlikleriniň biri bolan Nepaldaky Annapurna (8 091 metr) dagyna üstünlikli çykdylar. Tejribeli alpinistler dünýäniň onunjy iň beýik nokady hasaplanýan bu dagyň depesinde Türkmenistanyň mukaddes ýaşyl tuguny buýsanç bilen parlatdylar.

Howa şertleriniň aşa çylşyrymlylygy we garyň süýşmek howpunyň ýokarylygy bilen tanalýan Annapurna dagyna guralan bu ekspedisiýa «Morinžgeologiýa» holdinginiň alpinistleriniň baý üstünlikler sanawynyň nobatdaky badalgasy boldy. Ozal Ewerest, K2 we Kilimanjaro ýaly dünýäniň meşhur belentliklerini boýun egdiren topar, asylly däbe görä, eýelenen kyn sepgitleriň her birinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny belentde galdyrmagy başaryp gelýärler.

Bu halkara holding diňe bir sportda däl, eýsem hünär işinde-de ýokary netijeleri gazanýar. Kompaniýa Hazar deňziniň şelfini özleşdirmekde uly tejribä eýe bolup, Türkmenistanda «Dragon Oil» we «Petronas» ýaly iri daşary ýurt kompaniýalary bilen uzak möhletleýin şertnamalaryň çäklerinde geofiziki hem-de inženerçilik-geologik gözleg işlerini üstünlikli alyp barýar. Nepal daglarynda gazanylan bu täze ýeňiş bolsa, kärhananyň hem sportda, hem-de energetika ulgamynda iň belent maksatlara ýetmäge bolan ymtylyşynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

daskent bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen atşynaslarynyň halkara ýeňşi Aşgabatda we Daşkentde uly dabaralara beslendi

karl iii THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary we Patyşa Karl III bilen duşuşygy

Soňkylar Habar

GitTop