Dark
Light
16.06.2026
2026 05 22t12 30 03 46d41df5 4000 4547 a0c1 780ccebcc45b 1 scaled THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Hökümet baştutany bilen duşuşdy

22.05.2026

Şu gün, 22-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowy kabul etdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, duşuşygyň başynda hökümet baştutany Türkmenistanyň Liderine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mähirli salam we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Azerbaýjanyň Ýolbaşçysyna hem belent sarpasyny we salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki doganlyk döwletiň arasyndaky özara ynama we bähbitlilige esaslanýan syýasy dialogyň ýokary derejede we işjeň ösýändigini aýratyn bellediler. Şeýle-de duşuşykda dürli ugurlarda, aýratyn-da ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi uly bolan täze mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2026 05 22t17 21 18 205669d9 46c4 4a5a a429 83a2a7c445d4 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleri geçirildi

2026 05 23t00 46 49 95d14f8a 9433 4ed9 932a 100e2fb5594e THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Paýtagtymyz Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Mejlisi geçirildi

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop