Dark
Light
16.06.2026
gadamly THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy

09.05.2026

Düýn – 8-nji maýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasy geçirildi.

«Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.

gadamly 2 THE ASHGABAT TIMES

Hormatly Prezidentimiz «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasy mynasybetli çykyş edip, oňa gatnaşyjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bu ajaýyp wakasy mynasybetli gutlady. Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan bu ýük gämisi «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tarapyndan halkara standartlara laýyklykda gurnaldy. Şoňa görä-de, dabaranyň dowamynda «Gadamly» ýük gämisiniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna we gäminiň özüne Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň, şeýle hem Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas» klassifikasion jemgyýetiniň ýörite şahadatnamalary gowşuryldy. 

Döwlet Baştutanymyzyň täze ýük gämisinde döredilen şertler bilen tanyşmagy, hususan-da, ony işe girizmäge ak pata bermegi, şol pursatda gäminiň baş hereketlendirijisiniň işjeň ýagdaýa geçip, gudok sesiniň ýaňlanmagy dabaranyň iň ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi. Şeýle hem «Gadamly» gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi mynasybetli milli däp-dessurlaryň berjaý edilmegi, toý sadakasynyň berilmegi asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgelerimiziň dowamat-dowama atarylýandygyny alamatlandyrdy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hgi bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açmak bellenildi

kambojia 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen-kamboja syýasy geňeşmeleriniň ilkinji tapgyry geçirildi

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop