Dark
Light
16.06.2026
20260514 101424 scaled THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy “POLI International Fest” 2026 atly Halkara Festiwalyna gatnaşdy

16.05.2026

 

2026-njy ýylyň 14-15-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Buharestdäki Politehnika Milli Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetinde geçirilen 2026-njy ýyldaky “POLI International Fest” 2026 atly Halkara Festiwalyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy habar berdi.

img 20260515 wa0022 THE ASHGABAT TIMES

Festiwalyň dowamynda umumy mejlisler, daşary ýurt uniwersitetleriniň wekilleri bilen duşuşyklar, medeni tanyşdyryşlar we tematiki sergiler geçirildi. Bu çärä Ilçihanalaryň, akademiki toparlaryň, halkara guramalarynyň, işewür we medeni jemgyýetleriň wekilleri gatnaşdylar.

20260514 1219421 THE ASHGABAT TIMES

Çärede Türkmenistanyň Ilçihanasy Rumyniýada akkreditirlenen beýleki ilçihanalaryň we halkara guramalarynyň sergileri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň medeni baýlyklaryna bagyşlanan sergini gurnady. Sergide Türkmenistanyň medeni mirasyny, däp-dessurlaryny we häzirki zaman gazananlaryny şöhlelendirýän suratlar, elde dokalan halylar, milli lybaslar, milli saz gurallary, el işleri we keşdeler, şeýle hem hormatly Arkadagymyz, Türkmen Halkynyň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhammedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň döredijilik neşirleri görkezildi.

Festiwalda halkara akademiki hyzmatdaşlyk, ýaşlar alyş-çalyşy, innowasiýa we sanly tehnologiýalar meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu çärä gatnaşmak bilen Türkmenistan halkara ynsanperwer we bilim gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna hem-de medeni we ylmy mümkinçilikleriniň halkara derejesinde öňe ilerlemegine öz goşandyny goşdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

19 05 005 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýäniň Öňünde Belentden Parlaýan Ýaşyl Tuga Buýsanç

kons baydak THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watançylyk duýgymyzy artdyrýan mukaddeslikler

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop