2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Annamämmet Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministri hanym Oana-Silwiýa Tsoýu bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ony geljekde mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de we syýasy, söwda-ykdysady, ulag, medeni, ynsanperwer we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Şeýle hem duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, ýagny Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe sürmek we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar şeýle hem ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, parlamentara gepleşikleri ösdürmek we iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ýaly ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni, ynsanperwer, bilim we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini aýratyn bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.