Dark
Light
17.06.2026
mid dim THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetleşdiler

05.05.2026

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugyna habar berlişi ýaly, 2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taraplar sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda öňüni alyş diplomatiýasynyň mazmunyndan ybarat bolan hem-de çylşyrymly ýagdaýlaryň, şol sanda jedelleriň hem öňüni almaga gönükdirilen syýasy-diplomatik usullary we serişdeleri ulanmagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem taraplar Hazar meselesiniň käbir ugurlaryna degip geçdiler, hususan-da, Hazaryň parahatçylygyň, ylalaşygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň giňişligi bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi. Şol bir wagtda, Hazar deňzinde ekologiýa meselelerini çözmek boýunça köp taraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny bellediler we şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklary alyp barmagy ylalaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

banklar guni THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýanwar-mart: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 5,2 milliard manatdan geçdi

pile THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýüpekçilik – ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Soňkylar Habar

GitTop