Dark
Light
19.07.2026
kuba THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň we Kubanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

29.05.2026

2026-njy ýylyň 27-nji maýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-kuba hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.

Ministrler daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar, şeýle hem saglygy goraýyş, oba hojalygy, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şeýle hem ministrler iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtap, bilelikdäki ykdysady çäreleri guramagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Kuba Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

german ministr THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Germaniýanyň DIM-niň Döwlet ministri bilen duşuşygy

bmg2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça  müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Soňkylar Habar

Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

17.07.2026
Tbiliside hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu giň gerimli döredijilik çäresi ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň täze

Tbiliside Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi

17.07.2026
Tbilisi şäherindäki «Ekspo Georgia» sergiler merkezinde hormatly Prezidentimiziň döwlet saparyna gabatlanyp, Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.
GitTop