Dark
Light
10.06.2026
tkm demres conf in skopje THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň wekiliýeti Skopýede geçirilen demografik durnuklylyk boýunça 2-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy

08.05.2026

Skopýe, Demirgazyk Makedoniýa, 2026-njy ýylyň 8-nji maýy — 7–8-nji maýda Skopýe şäherinde «Üýtgeşmelere ýolbaşçylyk etmek: adama esaslanan ýollar arkaly demografik durnuklylyk» atly 2-nji sebitleýin ministrler maslahaty geçirildi. Çäre Demirgazyk Makedoniýanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) bilen bilelikde gurnaldy. Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 30-dan gowrak ýurduň ministrlerini we halkara hünärmenlerini jemlän bu maslahatyň işine gatnaşyp, dünýädäki demografik üýtgeşmelere garşy durmagyň strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar demografik üýtgeşmeleri häzirki döwrüň möhüm megatrendi hökmünde, Ýewropada we Merkezi Aziýada durmuş ulgamlarynyň durnuklylygyna hem-de ykdysady ösüşe täsir edýän faktor hökmünde seljerdiler. Ýewropa ýurtlarynda ilatyň garramagy we Merkezi Aziýadaky «demografik diwidend» mümkinçiliginiň artmagy arasyndaky tapawuda aýratyn üns berildi. Maslahatlaryň esasy maksady adam hukuklaryna we anyk maglumatlaryň seljermesine esaslanýan döwlet strategiýasy arkaly durnuklylyga geçmegi ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Azat Ataýew maslahatyň halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygyna bagyşlanan bölüminde çykyş edip, ýurduň demografik görkezijileri uzak möhletleýin ykdysady meýilleşdirmelere girizmek baradaky tejribesi bilen tanyşdyrdy. Ol Türkmenistanyň demografik üýtgeşmelere «mümkinçilikler penjiresi» hökmünde garaýandygyny belledi. Ministriň orunbasary hünärmen wezipelerine bolan islegi çaklamakda ylmy çemeleşmäniň ähmiýetini nygtady hem-de dürli demografik ssenariýalaryň jemi içerki önümiň ösüşine täsirini modelirlemäge mümkinçilik berýän innowasion guraly — analitik hasaplaýjy bilen tanyşdyrdy. Azat Ataýew Türkmenistanyň UNFPA bilen berk hyzmatdaşlygy saklaýandygyny hem-de bilim ulgamynda esasly çözgütleri kabul etmek üçin zerur bolan demografik çaklamalar babatda maslahatlary bermekde guramanyň möhüm goşandyny belledi. “Şol bir wagtyň özünde, UNFPA-nyň 2026-2030-njy ýyllar üçin Ýurt maksatnamasynyň çäginde demografik çaklamalary güýçlendirmäge gönükdirilen Demografik durnuklylyk boýunça Milli strategiýany işläp düzmek meýilleşdirilýär. Bu strategiýa adam maýasyny we orta möhletli ösüşi meýilleşdirmek işlerine demografik tendensiýalary girizmäge kömek eder” diýip, Azat Ataýew aýtdy. 

UNFPA we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde anyk maglumatlara esaslanýan Demografik durnuklylyk boýunça Milli strategiýasyny işläp düzmekde sanly çözgütleriň we demografik seljermäniň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu işiň möhüm tapgyry maglumatlary ýygnamak ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy boldy. Muňa mysal edip, 2022-nji ýylda Ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwynyň dolulygyna elektron enjamlaryň kömegi bilen geçirilmegini hem-de  Köp sanly görkezijiler boýunça klaster barlagynyň ýedinji tapgyryna (MICS7) UNFPA-nyň goldawy bilen aýallara garşy zorluk baradaky modulyň goşulmagyny görkezip bolar. «Uly göwrümli maglumatlara» esaslanýan dolandyryş ulgamyna geçmek baradaky bu tagallalar, raýat ýagdaýynyň namalaryny ýazgy etmek ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilen bilelikde, hökümete durmuş pudagynda durnukly ösüşi we durmuş abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen dessin we takyk çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

whatsapp image 2026 05 08 at 15.50.34 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TÜRKMENISTANDA GEÝDAR ALIÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 103 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI

hgi bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açmak bellenildi

Soňkylar Habar

GitTop