Dark
Light
13.05.2026
rpi1z50brazsr0osqo8s 1777307029 default 960x540 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

01.05.2026

Şu ýylyň 27-29-njy apreli aralygynda dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýa merkezleriniň biri bolan Tokio şäheri “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyny geçirdi. Bu abraýly çärä Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýeti hem gatnaşdy.

“SusHi Tech Tokyo 2026” innowasion forumyna dünýäniň dürli ýurtlaryndan kompaniýalar, startaplar we tehnologiýa hünärmenleri gatnaşdylar. Forumuň esasy maksady — täze tehnologiýalary, innowasiýalary we sanly çözgütleri görkezmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat boldy.

Forumyň dowamynda emeli aň (AI), 5G/6G aragatnaşyk ulgamlary, akylly şäherler (smart city), ýaşyl energiýa we sanly ykdysadyýet ýaly möhüm ugurlar boýunça çykyşlar we sergiler geçirildi. Gatnaşyjylar täze önümler bilen tanyşmaga, tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.

“SusHi Tech Tokyo 2026” forumynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti tehnologiýa we sanly ösüş ugurlarynda öňdebaryjy birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny we gepleşikleri geçirdi.

Duşuşyklarda sanly infrastruktura we telekommunikasiýa hyzmatdaşlygy ýola goýmak, emeli aň (AI) we sanly hyzmatlar, “Akylly şäher” çözgütleri (Smart City) — şäher dolandyryşy, Startap ekosistemasy — halkara startap platformalary we tehnologiýa merkezleri bilen ýaş startaplary ösdürmegiň hem-de gelejekde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

turksoy dus THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

men engagement social norms wrsh education THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Welaýatlarda gender deňligini we sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmek boýunça ýaşlar meýletinçilik maksatnamasynyň netijeleri jemlendi

Soňkylar Habar

Halkara Balkan olimpiadasyndan 5 medal!

12.05.2026
3 — 8-nji maý aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen 43-nji Halkara Balkan matematika olimpiadasynda türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada

Dünýä çempionatyndan 4 medal!

12.05.2026
2 — 8-nji maý aralygynda Müsüriň Ismailiýa şäherinde ýaşlaryň arasynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri
GitTop