2026-njy ýylyň 5-nji maýynda Ýerewan şäherinde «Yerevan Dialogue 2026» atly abraýly halkara forumy öz işine başlady. Foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň energetika ulgamyny giň gerimli döwrebaplaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we zyňyndylary yzygiderli azaltmak arkaly energetika pudagynyň binýadyny işjeň berkidýändigini belledi. Ýurduň ykdysady durnuklylygyny we durmuş abadançylygyny saklamak bilen bir hatarda, dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny tapgyrlaýyn giňeltmäge aýratyn üns berildi.
Türkmenistanda «ýaşyl» energetika geçişi üçin amatly gurşawy kemala getirmek boýunça eýýäm anyk ädimleriň ädilendigi tassyklanyldy.
Pudagyň ekologik transformasiýasynyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, zähmet bazaryny uýgunlaşdyrmak we sebitleri deňagramly ösdürmek bilen gönüden-göni baglydygy nygtaldy. Ilaty bökdençsiz energiýa bilen üpjün etmegi kepillendirmek, täze ugurlar boýunça hünärli kadrlary taýýarlamak we çekilen maýa goýumlarynyň peýdalaryna ähli jemgyýetleriň deň elýeterliligini üpjün etmek esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi.
Çykyşda milli meýilnamalary amala aşyrmakda konstruktiw halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. BMG we halkara maliýe institutlary ýaly abraýly hyzmatdaşlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegiň daşarky goldawyň netijeliliginiň aýdyň mysalydygy bellenildi.
Forumyň işi dowam edýär.
«THE ASHGABAT TIMES».