2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy howanyň aşa gyzmagynyň aýallaryň reproduktiw saglygyna ýetirýän täsiri boýunça seminar geçirdi. Çäre UNFPA we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasyndaky 2026-njy ýyl üçüniň bilelikdäki Iş meýilnamasyny amala aşyrmagyň çäginde gurnaldy. Seminaryň esasy maksady milli hünärmenleri gyzgyn howanyň göwreli aýallarda döredýän stresini kliniki usul bilen anyklamagyň döwrebap çemeleşmesi hem-de howanyň aşa gyzmagynyň göwreli aýallara we olaryň saglygyna ýetirýän täsiri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.
Seminara ýurduň öňdebaryjy lukmançylyk edaralarynyň ýolbaşçylary we degişli hünärmenleri gatnaşdylar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Milli bilim institutynyň, Milli reproduktiw saglyk merkeziniň, Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, «Ene mähri» merkeziniň wekilleri, M. Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň akuşerçilik we gineologiýa kafedrasynyň işgärleri, şeýle hem Aşgabat şäheriniň, Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň saglygy goraýyş müdirlikleriniň baş reproduktologlary we hünärmenleri bar.
Seminaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň howa şertleriniň aýratynlyklaryny we howanyň aşa gyzmagynyň aýallaryň saglygyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda göwreli aýallaryň bedenine ýokary temperaturalaryň täsiriniň öňüni almak üçin saglygy goraýyş hyzmatlaryň berilmegini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi.