Dark
Light
12.06.2026
minmohmi cooperation in adolescent rh THE ASHGABAT TIMES

UNFPA ýetginjekleriň reproduktiw saglygy we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmek boýunça duşuşyk geçirdi

14.05.2026

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 14-nji maýy — Şu gün BMG-niň binasynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde gurnamagynda duşuşyk geçirildi. Çäre UNFPA we Bilim ministrliginiň arasyndaky 2026-njy ýyl üçin bilelikdäki Iş meýilnamasyny amala aşyrmagyň çäginde gurnaldy. Duşuşygyň esasy maksady ýetginjekleriň reproduktiw saglygyny goramak we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmek babatda pudagara hyzmatdaşlygy berkitmekden ybarat boldy.

Çärä Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Milli bilim institutynyň hünärmenleri, şeýle hem mugallymçylyk ýokary okuw mekdepleriniň we mugallymlaryň hünärini ýokarlandyryş merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny, sagdyn durmuş ýörelgesini okuw maksatnamalaryna girizmek meselelerini, şeýle hem ýetginjekleri saglygy goraýşa degişli ýokary hilli maglumatlar we hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin lukmançylyk we bilim edaralarynyň pudagara işleşmeginiň mehanizmlerini seljerdiler. Gürrüňdeşlikleriň netijeleri boýunça ýaşlaryň mümkinçiliklerini berkitmek ugrunda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen 2026-njy ýyl üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamalary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

matematika 111 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Matematikany okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri

konstitit THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Konstitusiýa we baýdak – mizemez mukaddeslikler

Soňkylar Habar

GitTop