Dark
Light
19.07.2026
rubio THE ASHGABAT TIMES

Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

30.05.2026

2026-njy ýylyň 29-njy maýynda Waşington şäherindäki Ak tamda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we onuň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler soňky döwürde ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik dialogyň işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň möhümdigini nygtadylar.

Söwda-ykdysady, energetika hem-de ulag-aragatnaşyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar energetika howpsuzlygy we energiýa serişdeleriniň iberiliş ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini hem öz içine alýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygy, häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek, şeýle hem köptaraplaýyn formatlarda, şol sanda «C5+1» platformasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine-de garaldy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlar boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

haly gadymy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Her çitimi gözellik

osus mak THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Soňkylar Habar

Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

17.07.2026
Tbiliside hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu giň gerimli döredijilik çäresi ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň täze

Tbiliside Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi

17.07.2026
Tbilisi şäherindäki «Ekspo Georgia» sergiler merkezinde hormatly Prezidentimiziň döwlet saparyna gabatlanyp, Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.
GitTop