Dark
Light
16.06.2026
kons baydak THE ASHGABAT TIMES

Watançylyk duýgymyzy artdyrýan mukaddeslikler

17.05.2026

Ata Watanymyzyň taryhynda ýatdan çykmajak iň ähmiýetli seneleriň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerini dowamata atarýar. Çünki Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyz hem-de halkymyzyň guwanjyna öwrülen ýaşyl baýdagymyz berkarar döwletimiziň sarsmaz binýadynyň we belent mertebesiniň dabaralanmasydyr. Şoňa görä-de, bu gymmatlyklarymyz ildeşlerimiziň kalbynda Watanymyza bolan söýgini artdyryp, milli buýsanjymyzy goşalandyrýar.

Türkmen halky özüniň baý taryhy ýolunda döwletliligiň we garaşsyzlygyň nyşanlaryna elmydama uly sarpa goýup gelýär. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň hukuk esaslaryny kesgitleýän Esasy Kanundyr. Ol diňe bir hukuk resminamasy bolman, eýsem, demokratik gymmatlyklarymyzyň kepili, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragy, parahatçylyk söýüjilige gönükdirilen syýasatymyzyň esasy sütünidir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşy babatda ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribelerini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemlemek bilen, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwleti gurmagyň möhüm wezipelerini birleşdirýär.

Ýaşaýşyň dowamlylygyny, gülläp-ösüşi alamatlandyrýan ýaşyl reňkli, bäş welaýatymyzyň agzybirligini aňladýan özboluşly haly gölli, Aý-ýyldyzly döwlet baýdagymyz halkymyzyň agzybirliginiň, milliligimiziň aýdyň nyşanydyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: «Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr». Şonuň üçinem ýaşyl tugumyza mukaddes gymmatlyk hökmünde garalýar. Agzybirligimiziň, jebisligimiziň we döwletliligimiziň baýramy bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan bellenip geçilmegi bolsa halkymyzyň milli gymmatlyklaryna goýýan hormat-sarpasyndan habar berýär.

Goý, asuda asmanymyzda ýaşyl baýdagymyz elmydama belentde parlasyn! Ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Baýramtäç BEGMENOWA,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

20260514 101424 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy “POLI International Fest” 2026 atly Halkara Festiwalyna gatnaşdy

caga caga 26 new THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmegiň pedagogik wezipeleri

Soňkylar Makalalar

Ylmy özgertmeler – geljegiň bähbidine

13.06.2026
Jemgyýetiň ösüşi hem-de durmuş ulgamynyň özgermegi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we

Çaga – geljegiň şuglasy

11.06.2026
Çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Olara berlen iň oňat terbiýe peşgeşi, şeýle-de körpeleriň
GitTop