Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz şöhratly geçmişi hem-de geljegiň beýik maksatlaryny özünde birleşdirip, ynsanperwerlik we ýagşylyk taglymlarynyň türkmen döwletiniň ýaşaýyş durmuşydygyny bütin dünýä dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bellenilmegi milli aňyýetimiziň dabaralanmasy bolup, sarsmaz özbaşdaklygymyzyň we ebedi dowamatlygymyzyň aýdyň nyşany hökmünde ýüreklerde orun alýar.
Döwlet baýdagymyz Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy, şöhratly geçmişimizi, bagtyýar döwrümizi hem-de beýik geljegimizi, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, gadymy haly gölleri, ýarymaý bilen bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýan zeýtun şahalary şekillendirilen ýaşyl tugumyz mukaddes Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar.
Milli Tugumyz buýsançly pasyrdap, türkmen halkynyň baky bagtyny, nurana durmuşyny äleme äşgär edýär. Döwlet senamyzdaky: «Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur, // Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde» diýen sözler halkyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana mizemez söýgüsi bolup ýaňlanýar. Bu gün Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň esasynda Döwlet baýdagyny belentde parladyp, bagtyýar halkymyz ata Watanymyzyň geljege nur çaýýan iň täze taryhyny döredýär. Amala aşyrylýan döwletli tutumlar, ägirt uly taslamalar diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň hem ykbalyna oňyn täsir edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň berk binýadyny emele getirýän goşa mukaddesligiň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni gutly bolsun! Goý, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşyp, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Iliç HEMRAÝEW,
Saýat etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary.