Dark
Light
15.05.2026
men engagement social norms wrsh education THE ASHGABAT TIMES

Welaýatlarda gender deňligini we sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmek boýunça ýaşlar meýletinçilik maksatnamasynyň netijeleri jemlendi

01.05.2026

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 1-nji maýy — 30-njy aprel we 1-nji maý günlerinde meýletinçilik maksatnamasynyň taslamasynyň netijelerini tanyşdyrmaga we Milli ýaşlar syýasatyna laýyklykda geljekki çäreleri meýilleşdirmäge bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Çäre BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde gurnaldy.

Duşuşygyň esasy maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we gender deňligini ilerletmek boýunça maksatnamanyň netijelerini hem-de ony orta mekdeplere girizmegiň usullaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Çärä gatnaşyjylar sportda aýal-gyzlar üçin mümkinçilikleri giňeltmegiň zerurlygyny maslahatlaşdylar, bu bolsa ýerli we milli derejelerde Durnukly ösüşiň 5-nji maksadyna ýetmäge uly goşantdyr. Okuw maslahaty UNFPA-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen 2026–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki Iş meýilnamasynyň çäginde amala aşyryldy.

Çäräniň dowamynda «Ýaşlar, sport we gender deňligi» maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň netijeleri, şol sanda maksatnamany synag ýagdaýda geçirmegiň usulyýeti we oňa ýurduň bäş welaýatyndan hem-de Aşgabatdan gatnaşan meýletinçileriň hekaýalary bilen tanyşdyryldy. Sagdyn durmuş ýörelgesini we deň mümkinçilikleri ilerletmäge durmuş kadalarynyň we stereotipleriň ýetirýän täsirini seljermäge aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar bu maksatnamany mekdeplerde okuw sapaklaryna girizmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we ony mundan beýläk-de giňeltmek boýunça teklipleri taýýarladylar.

Okuw maslahatyna Bilim ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli bilim institutynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň we baş bilim müdirlikleriniň wekilleri, şeýle-de sport tälimçileri, maksatnamanyň meýletinçileri we «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

rpi1z50brazsr0osqo8s 1777307029 default 960x540 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

dil bilim THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dil öwrenmek, öwretmek asylly ýörelgedir

Soňkylar Habar

Buharestde türkmen-rumyn konsullyk geňeşmeleri geçirildi

15.05.2026
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Buharest şäherinde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde konsullyk geňeşmeleri geçirildi.
GitTop