Dark
Light
16.06.2026
2026 05 07t22 32 34 23e1dc3c 54f4 4d10 8eaa 608da6bce66d THE ASHGABAT TIMES

Ýeňiş gününiň 81 ýyllygy mynasybetli weteranlara we esgerleriň ýanýoldaşlaryna Prezident sowgatlary gowşuryldy

08.05.2026

​Aşgabat şäheriniň «Mekan» köşgünde 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu çäräniň dowamynda uruş weteranlaryna hem-de wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary we gymmatbahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


​Dabara başlamazdan ozal, gatnaşyjylar uruş ýyllaryna degişli ýörite sergi bilen tanyşdylar. Sergide şol döwrüň taryhy gymmatlyklary, esgerlerden gelen hatlaryň nusgalary we beýleki taryhy serişdeler görkezildi. Bu eksponatlar uruş ýyllarynyň gahrymançylyklaryny ýatlatmaga hyzmat etdi.


​Medeni dabaranyň açylyşy «Mert ogullar» atly aýdym we Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly edebi-sazly kompozisiýasy bilen başlandy. Bu çykyşlar söweş meýdanlarynda we tylda görkezilen deňsiz-taýsyz edermenligi wasp etdi.


​Sowgat gowşurylyş dabarasy halkymyzyň gahrymançylygyna we ak saçly eneleriň tyldaky nusgalyk zähmetine goýulýan uly hormatyň nyşanyna öwrüldi. Şeýle baýramçylyk dabaralary diňe bir paýtagtda däl, eýsem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem ýokary derejede we şatlyk-şowhun bilen dowam etdirildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

epjyfxtfre6ghmxgmw5zq3ec3yltzb 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda türkmen-gruzin ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

whatsapp image 2026 05 08 at 15.50.34 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKMENISTANDA GEÝDAR ALIÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 103 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop