Dark
Light
08.09.2026
bilim talyp THE ASHGABAT TIMES

Ylymly nesiller – Watanymyzyň abraýy

21.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamy ýurdumyzyň ösüşleriniň berk binýadyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylmy gözlegler bilen meşgullanmagy we öz ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ylym-bilim ynsanyň kämilleşmeginiň, jemgyýetiň ösüşiniň we döwletiň kuwwatlanmagynyň esasy şertidir. Zehinli ýaşlaryň yhlasly zähmeti, maksada okgunlylygy we ylma bolan höwesi olaryň geljekde ýokary derejeli hünärmenler, alymlar we watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam edýär.

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde türkmen ýaşlary dünýä derejesindäki olimpiadalarda, halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýarlar. Şunda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýanwar — aprel aýlarynda okuwçylaryňdyr talyplaryň halkara ders bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşyp, jemi 807 medal gazanmagy aýratyn bellärliklidir. Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan halkara olimpiadalaryň 6-sy, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 7-si, mekdep okuwçylarynyň arasynda III Halkara matematika olimpiadasy üstünlikli geçirildi.

Biziň institutymyzda hem ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga uly üns berlip, talyplarymyz dürli bilim olimpiadalarynda, ylmy bäsleşiklerde ýokary netijeleri gazanýarlar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny artdyrmaga, ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge hem-de ýaşlaryň ylym-bilim arkaly täze üstünliklere ýetmegine berk esas döredýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Zuhra DAWLATOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Takyk bilimleri fakultetiniň Fizika we informatika hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

inlis dili THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dymmakdan geplemäge: iňlis dilinde kommunikatiw usuly netijeli ulanmak

20260520 104004 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Soňkylar Makalalar

Kitaba sarpa – durmuşa söýgi

07.09.2026
Kitap milli medeniýetiň ölçeg daşydyr. Kitaba, çeper edebiýata, döredijilige aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleri ýaş nesliň kalbyna milli ruhy gymmatlyklaryň

Kitaba bolan söýgi maşgaladan başlanýar

05.09.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde mugallymlar, talyp ýaşlar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda

Türkmenistan – bilimler ýurdy

04.09.2026
Altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Bilimler we

Döwletli geňeş – berkarar geljek

04.09.2026
Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan döwletlilik mekdebi halka sala salmak, il-günüň agzybirligine hem-de pederlerimizden dowam edip gelýän parasatly durmuş ýörelgelerine daýanmak ýaly belent gymmatlyklardan gözbaş

Durmuş sapaklaryny öwredýän gymmatly hazyna

04.09.2026
Ynsan özüniň bütin ýaşaýyş durmuşynda ömrüniň manysyny gözleýär. Öz söýen kär-hünärini saýlap, nesil ýetişdirip, onuň manysyny artdyrmaga, adamlaryň durmuşyna many çaýmaga çalyşýar. Gahryman Arkadagymyzyň
GitTop