Gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi, häzirki wagtda bolsa dünýäniň ykdysady kartasynyň möhüm nokady hasaplanýan türkmen topragynda beýik ösüşler dowamata uzaýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasarynyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegi Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň täze taryhy sahypasydyr. Bu waka täze eýýamda iki ýurduň düýpli bähbitlerine, Aziýa yklymynda energetika durnuklylygynyň hem-de howpsuzlygynyň üpjün edilmegine möhüm goşantdyr.
Turuwbaşdan bellesek, tebigy gaz gorlarynyň möçberi boýunça ägirt uly hasaplanýan «Galkynyş» gaz käninde gurlan gaz arassalaýjy we taýýarlaýjy baş desgalar toplumy 2013-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny amala aşyrmagyň, eksport gaz geçirijileriniň çig mal binýadyny berkitmegiň ýolunda örän möhüm ädim boldy. Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde ýerleşýän bu gaz käni Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň geologlarymyzyň iň uly açyşlarynyň biri boldy.
Geçen ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyz «Euronews» teleýaýlymyna beren interwýusynda ýurdumyzyň tebigy gaz mümkinçilikleri barada aýratyn durup geçdi. Hususan-da, Milli Liderimiz Türkmenistandaky «Galkynyş» käniniň gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda durýandygyny belläp, onuň gorlarynyň tebigy gazyň 27,4 trillion kub metrine barabardygyny nygtady. Munuň özi ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň diňe bir içerki islegleri däl, eýsem, sebitdäki hem-de dünýä bazaryndaky hyzmatdaşlarymyzyň energetika zerurlyklaryny doly üpjün etmäge ukyplydygyny aýdyň subut edýär. Şeýle ägirt uly goruň bolmagy Türkmenistana dürli ugurlara transmilli turba geçirijilerini çekmäge we halkara ähmiýetli energetika taslamalaryny ynamly amala aşyrmaga şert döredýär.
Jemläp aýdanyňda,«Galkynyş» gaz käni Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmeleriniň biri bolup, onda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan döretmek pikiri öz beýanyny tapýar. Bu energetika ulgamy XXI asyryň ägirt uly inženerçilik-tehniki desgalarynyň biri bolmak bilen, onuň taslamasy netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň özboluşly nusgasyna öwrüldi.
Leýli ATABALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.