Dark
Light
09.08.2026
pile THE ASHGABAT TIMES

Ýüpekçilik – ykdysadyýetiň möhüm pudagy

06.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň möhüm sütünleriniň biri bolan dokma senagaty täze ösüş derejesine göterildi. Bu ulgamda aýratyn orun tutýan ýüpekçilik pudagy bolsa taryhy däpler bilen häzirki zaman önümçilik talaplaryny özünde jemleýär. Türkmen halkynyň köpasyrlyk medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ýüpekçilik senedi şu günki günde döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde gaýtadan dikelip, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda strategik ähmiýete eýe bolýar.

Türkmen topragynda ýüpekçiligiň taryhy örän çuňňur bolup, ol meşhur Beýik Ýüpek ýoly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Orta asyrlarda Merw ýaly iri merkezlerde pile işläp taýýarlaýan kärhanalaryň bolmagy halkymyzyň bu ugurda irki döwürlerden bäri ýokary ussatlyga ýetendigine şaýatlyk edýär. Berkligi, ýeňilligi we täsin owadanlygy bilen tapawutlanýan türkmen ýüpegi, asyrlaryň dowamynda dünýä bazarynda iň gymmatly harytlaryň biri hasaplanypdyr.

Häzirki döwürde bu senet döwrebap görnüşde dowam etdirilip, pudagyň önümçilik binýady dolulygyna täzelenildi. Aşgabadyň ýüpek fabriginiň we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň döwrebaplaşdyrylmagy, şeýle hem Ruhabadyň panbarhat fabriginiň işe girizilmegi ýurdumyzda ýüpek süýüminden taýýarlanýan önümleriň görnüşlerini köpeltmäge mümkinçilik berdi.

Pudagyň ösdürilmegi diňe bir senagat önümçiligi bilen çäklenmän, eýsem, oba hojalygynyň we ekologiýanyň ösmegine hem uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň oba ýerlerinde ýüpek gurçuklarynyň iýmit gory bolan tut agaçlarynyň köpçülikleýin oturdylmagy tebigaty goramakda, ekin meýdanlaryny gyzgyn ýellerden gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýedir. Geljekde bu ulgama goýulýan maýa goýumlaryň has-da artdyrylmagy göz öňünde tutulýar, bu bolsa ýüpekçilik senediniň täze belentliklere çykjakdygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Serwer ALLANAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mid dim THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetleşdiler

hatyraa THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hiç kim ýatdan çykarylmaýar!

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop