Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Da Nang şäherinden gelip gowşan hoş habar türkmen sportunyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. Erkin göreş boýunça 17 we 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary 4 medala — 1 altyn, 3 bürünç medala mynasyp boldy.
Bu abraýly ýaryşa 16 döwletden 83 türgen gatnaşdy. Şolaryň arasynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjowyň 86 kilograma çenli agram derejesinde gazanan altyn medaly aýratyn buýsandyryjydyr. Ol çärýek finalda Hindistanyň wekili Mor Saçini 6:0 hasabynda ýeňdi, ýarym finalda özbegistanly türgen Boburbek Ruzimboýewden 11:0 hasabynda üstün çykdy, finalda bolsa Gazagystanyň wekili Abylaýhan Uzembaýewi 10:0 hasabynda ynamly ýeňip, Aziýanyň çempiony (U23) boldy.
Bu çempionatda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň beýleki agzalary hem üstünlikli çykyş etdiler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Azatberdi Aşyrgulyýew ýaşlaryň arasynda 61 kilograma çenli agram derejesinde, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby, Alp Arslanyň dogany Soltan Sanjar Begenjow 79 kilograma çenli agram derejesinde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Döwletgeldi Myradow bolsa 92 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy. Şeýlelikde, türkmen pälwanlary Wýetnamdaky ýaryşdan 4 medal bilen dolanyp, Watanymyzyň sport abraýyna mynasyp goşant goşdular.
«THE ASHGABAT TIMES».