Täze taryhy döwrümizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesillere örän ýokary ynam bildirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip bellemegi ýaşlaryň ýurdumyzyň egsilmez kuwwatydygyny, abraý-mertebesidigini, nurana geljegidigini aýdyň görkezýär.
Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, köpugurly bilim bermäge, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli ösdürilýär. Şu maksat bilen, tutuş ýurdumyzda her ýyl dünýä ölçeglerine laýyk gelýän umumybilim berýän mekdepler, mekdebe çenli çagalar edaralary gurlup ulanmaga berilýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýaşlaryň bähbidine hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar. Ýurdumyzyň kanunçylygy hem-de halkara şertnamalary esasynda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň kabul edilmegi bu ugurdaky uly ähmiýetli wakadyr. 2023-nji ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hem buýsandyryjy ýagdaýdyr. Bu halkara ykrarnama ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirip, geljege ak ýol açýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Gunçagül AHMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.