Dark
Light
10.06.2026
kitap okamak THE ASHGABAT TIMES

Çaga terbiýesi we kitap okamak

03.06.2026

Çaga okamagy, ýazmagy öwrenenden soň, oňa kitap okamagy öwretmek, hemişe ony lezzet bilen okamaga höwes döretmek ata-eneleriň, terbiýeçileriň, mugallymlaryň jana-jan borjudyr. Kitap okamak adama özüni gurşap alan dünýä, durmuşa, tebigat hadysalaryna, hut öz-özüne hem düşünmäge kömek edýär. Kitap hemmeleriň dostudyr hem mugallymydyr.

Bilşimiz ýaly, çagalyk döwri şahsyýetiň kemala gelýän döwrüdir. Okamak bolsa sagdyn şahsyýetiň kemala gelmegine ýardam edýär. Şunda ata-eneler we mugallymlar çagada okamak endigini kemala getirmekde we ösdürmekde gönüden-göni dahylly adamlardyr. Çaganyň okaýşyna hemişe gözegçilik edip, ony höweslendirip durmaly. Olara häli-şindi kitap sowgat bermek hem täsirlidir. Ol kitap okamaga höwesiniň ýokdugyny özüne kemlik bilmelidir. Umuman aýdanyňda, ata-eneleriň bu meselede çagasyna berjek goldawy onuň geljegine düýpli täsir edýär.

Çagalaryň ýaşyna görä her gün, yzygiderlilikde hekaýa, erteki okap bermek bilen olarda okamak endiginiň düýbi tutulýar. Öýde maşgala agzalarynyň hem çagalaryň peýdalanyp biljek ýerinde dürli temadan kitaplary özünde jemleýän kitap tekjesiniň bolmagy olaryň okamak endigini kämilleşdirýär. Kitaplaryň çagalaryň gyzyklanýan ugurlaryna, isleglerine görä, özleri bilen birlikde saýlanmagy olaryň okamaga bolan höwesini artdyrýar.

Häzirki döwürde bilim-ylym ulgamy döwrebap ösdürilýär. Çagalar baglarynyň kitap tekjelerindäki ýaş aýratynlyklaryna görä saýlanyp goýlan dürli reňkli, özüneçekiji suratlar bilen bezelen kitaplardan başlap, mekdeplerdäki we ýokary okuw mekdeplerindäki kitaphanalar ýaşlaryň kitap okamaga bolan isleglerini kanagatlandyryp biljekdiginiň güwäsidir. Elektron kitaphanalar hem giň mümkinçilikleri döredýär. Okamaga, öwrenmäge ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Mähri PIRIMKULOWA,
Döwletli etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň çagalar bölüminiň kitaphanaçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mental health g119798c92 1920 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gündelik Durmuşymyzyň Görünmeýän Gözgüsi

kitap kitap THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr

Soňkylar Makalalar

Zergärçilik sungatynda sagatlaryň çeper bezegi

08.06.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz goldawlary netijesinde türkmen amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we

Mekdebe çenli döwürde

06.06.2026
Ynsan gurluşynyň, onuň dünýägaraşynyň we zehin binýadynyň iň çalt kemala gelýän döwri — mekdebe çenli ýaşdyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky islendik özgertmäniň gözbaşy

Okgunly ösüşleriň binýady

06.06.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän
GitTop