Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýylynda gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Agzybir halkymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda hem uly üstünliklere ýetmek üçin zähmetsöýerligiň nusgasyny görkezýär. Sebäbi 2026-njy ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhynda aýratyn möhüm ähmiýetli ýyllaryň biridir. Bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 35 ýyl dolýar.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda täze taryhy eýýamyň ýyllary içinde jemgyýetimiziň ähli ugurlary boýunça düýpli özgertmeler uly üstünlige beslenýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty yzygiderli artýar, halkara abraýy dünýä dolup, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli ýokarlanýar. Şonuň üçinem il-günümiz beýik Garaşsyzlygyna guwanýar we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuny uly ruhubelentlikde, şatlyk-şowhunda geçirmäge we mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamaga şu günlerden taýýarlyk görýär.
Ata Watanymyzda gazanylýan her bir belent sepgitleriň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň goldaw-hemaýatlary, irginsiz zähmeti, döwrüň badyna tizlik berýän başlangyçlary, jöwher parasady durandyr. Olaryň özen-sütüniniň watansöýüjilikden hem ynsanperwerlikden gözbaş alýandygyny halkymyz her bir ädimde görüp, duýup, bu belent hakykatdan ruhy güýç alyp ýaşaýar. Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanylmagy hem-de ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň dakylmagy ýetilýän beýik sepgitleriň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly wakalary bilen dabaralanýan ýylymyzda bagtyýar geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlar hakynda yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Göwher MÖWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Döwletli etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.