Häzirki zaman dünýäsinde ýokary tizlik, tehnologiýalar we gündelik aladalar köplenç bizi gurşap alýar. Şeýle şertlerde “Filosofiýa näme üçin gerek?” diýen sowal ýüze çykyp biler. Köpler üçin filosofiýa diňe bir gadymy galyň kitaplarda galan, durmuşdan uzak soraşmalar ýaly görünmegi mümkin. Emma hakykatda, ol biziň her bir ädimimizde, hatda iň adaty kararlarymyzda hem bar.
Filosofiýa diňe bir akylly sözler aýtmak däl-de, eýsem sorag bermek sungatydyr. Ol bize dünýäni we özümizi has çuňňur gurşamaga kömek edýär.
Biz bilsek-de, bilmesek-de, her gün filosofik saýlawlaryň öňünde durýarys. Mysal üçin:
- Dogry we ýalňyşyň arasyndaky çäk nirede?
- Bagt diňe bir duýgymy ýa-da ýaşalyş akymy?
- Tehnologiýalaryň ösmegi bizi has erkin edýärmi ýa-da tersine?
Şu tejribeler bizi gadymy grek we gündogar mutafakkirlarynyň ýollaryna eltýär. Gadymy döwürlerden bäri pelsepe adamyň diňe bir “ýaşamagyny” däl, eýsem “manyly ýaşamagyny” maksat edinip gelipdir. Sokratyň aýdyşy ýaly: “Derňelmese, synlanmasa, ýaşalýan ömre ömür diýip bolmaz.”
Gündelik durmuşda filosofik garaýyşly bolmak bize aşakdaky peýdalary getirýär:
- Kritiki oýlanma ukyby: Maglumat ummanynda dogryny ýalňyşdan saýlamaga, her bir pikire subutnama gözlemäge kömek edýär.
- Estetiki kabul ediş: Dünýäniň, sungatyň, tebigatyň we ynsan gatnaşyklarynyň gözelligini has inçe duýmaga ýol açýar.
- Içki parahatlyk (Stoisizm): Durmuşyň kynçylyklaryna we üýtgeşmelerine has sowukganly, durnukly çemeleşmäni öwredýär. Öz gözegçiligimizde bolan zatlara üns berip, üýtgedip bilmejek zatlarymyzy kabul etmegi ündeýär.
Pelsepe — bu dünýä seretmek üçin ulanylýan äýnek ýalydyr. Reňkli äýnekleri üýtgetdigiňizçe, töweregiňizdäki durmuşyň hem öwüşgini üýtgeýär. Ol bize başgalaryň garaýyşlaryna hem hormat goymagy, dünýäni diňe “ak we gara” diýip däl-de, bütin reňkleri bilen görmegi öwredýär.
Durdy ANNABAÝEW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby