Dark
Light
17.06.2026
kanun hukuk THE ASHGABAT TIMES

Hukuk medeniýeti – döwrüň talaby

04.06.2026

Her bir güni ösüş-özgerişlere beslenýän täze taryhy eýýamda ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän belent maksatly işler aýdyň geljegi nazarlaýar. Şunda ýurdumyzyň ähli ugurlaryny döwrebap ösdürmek, jemgyýetçilik işlerine ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak üns merkezinde saklanýar. Şoňa görä-de, kanunçylyk hem-de hukuk binýadymyzy döwrebaplaşdyrmak, raýatlaryň hukuk medeniýetini ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi hukuk medeniýetiniň döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilmegi bilen aýrylmaz baglydyr. Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, olarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi pugtalandyrmak babatda aýratyn ähmiýetlidir. Munuň özi jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşynyň sazlaşygyny üpjün edýär. Ýeri gelende, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine aýratyn ornuň degişlidigini, ýaşlaryň hukuk taýdan terbiýelenmeginde, ýaşlar jemgyýetiniň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşinde žurnalistikanyň hem möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemek gerek.

Ýaşlara uly üns berilýän ýurdumyzda jemgyýetiň bu gatlagyna ata Watanymyzyň belent ösüşleriniň binýadyny goýjak nesiller hökmünde garalýar. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ählitaraplaýyn ösdürmegi esasy maksat edinýän kanunlardyr maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak bilen sazlaşykly amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilip, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ýaşlar kanunçylygynyň döwrebap ösdürilýändiginden habar berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny doly derejede üpjün etmek üçin zerur bolan syýasy, ykdysady, hukuk şertleriniň döredilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa ýaşlaryň jemgyýetde özleriniň mynasyp ornuny tapmaga, şeýle hem olaryň hukuk medeniýetini ösdürmäge uly ýardam berýär.

Arslan HALJANOW,
Türkmenistanyň Adalat ministriniň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň Daşoguz welaýat müdirliginiň döwlet sanawyny alyp barýan döwlet bellige alyjysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga gul THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan – bagtyýar çagalygyň mekany

2143212423 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Soňkylar Makalalar

Çagalar baglarynda aýdym-saz terbiýesi

16.06.2026
Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden, has takygy, çaga edebinden, şeýle hem  oňa berilýän bilim-sowatdan başlanýar. Ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin

Bedew bady bilen täze sepgitlere!

15.06.2026
Taryhy ýyllary biri-birinden zyýada gelýän ata Watanymyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak däbi barha dabaralanýar. Her ýylda öz şygaryna mynasyp işleri taryha ýazýan ajaýyp ýyllar
GitTop