Dark
Light
10.06.2026
360 f 567769467 j9luw8fbvwilsl8p3xpmwxiag0rsldim 1 THE ASHGABAT TIMES

Jemgyýet we adamyň içki dünýäsi

03.06.2026

Häzirki zaman dünýäsiniň çalt depginli durmuşynda biz ýygy-ýygydan maddy gymmatlyklaryň, tehnologiýalaryň we gündelik aladalaryň ylgawynda bolýarys. Emma käwagt durup, öz-özüňe: «Biz nirä barýarys? Bu ýoluň many görüşi nämede?» diýen soraglary bermek zerurlygy ýüze çykýar. Ine, şu ýerde durmuşyň asyl manysyny kemala getirýän ylym — filosofiýa kömege gelýär.

Filosofiýa diňe bir gury we çeýnelen nazaryýet däl-de, eýsem adamyň öz ruhy dünýäsine seretmegi, daşky gurşawy has çuňňur aňlamagy üçin açar bolup hyzmat edýär.

Gündogaryň we Günbataryň beýik akyldarlary hemişe dünýäniň bitewüligini we onuň içindäki garşylyklaryň sazlaşygyny öwrenipdirler. Durmuş diňe bir ak reňkden ýa-da diňe bir gara reňkden ybarat däl. Olaryň utgaşmasy esasynda dörän täze bir ajaýyp gözellik bar.

  • Ýagşylyk we Ýamanlyk: Biriniň gadyry beýlekisiz bilinmeýär. Ýamanlygyň bardygy, ýagşylygyň gymmatyny has-da ýokary göterýär.
  • Garaşmak we Ýetmek: Maksada ýetmekden has gymmatly zat, şol maksada tarap ýörän ýoluňda gazanan tejribäň we ruhy ösüşiňdir.

Sokratyň meşhur «Men diňe bir zady bilýärin, ol hem hiç zat bilmeýändigimdir» diýen jümlesi, aslynda adamyň bilime we kämilleşmege bolan isleginiň hiç wagt gutarmajakdygyny görkezýär. Özüňi kämil hasaplamak — ösüşiň durmagydyr.

Köpümiz bagty geljekde garaşýan anyk bir sepgit ýa-da maddy maksat hökmünde görýäris. «Şu işi başarsam, bagtly bolaryn», «Şu zada eýe bolsam, dynç alaryn» diýen ýaly pikirler bizi hemişe geljegiň dowamly garaşylyşynda ýaşatýar. Emma hakyky pelsepe bize bagtyň häzirki pursatda, şu sekuntda we şu ýerde ýerleşýändigini öwredýär.

«Geçmiş — eýýäm ýok, geljek — entek ýok, diňe häzirki pursat bar. Durmuşyň hözirini şu pursatda tapmagy başarmaly.»

Her bir günüň, gürrüňdeş bolýan her bir adamyň, hatda synlaýan tebigatymyzyň gözelliginiň hem özboluşly pelsepewi manysy bar. Durmuşyň inçe we nepis taraplaryny saýgarmagy başarmak, ynsanyň içki dünýäsiniň baýlygyndan habar berýär.

Süleýman HUDAÝBERDIÝEW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

27092023 001 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi

cagalar bagy terbiyeci surat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Okuw ýylynyň üstünliklerinden

Soňkylar Makalalar

Zergärçilik sungatynda sagatlaryň çeper bezegi

08.06.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz goldawlary netijesinde türkmen amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we

Mekdebe çenli döwürde

06.06.2026
Ynsan gurluşynyň, onuň dünýägaraşynyň we zehin binýadynyň iň çalt kemala gelýän döwri — mekdebe çenli ýaşdyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky islendik özgertmäniň gözbaşy

Okgunly ösüşleriň binýady

06.06.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän
GitTop