Ylym-bilim ojagynyň esasy binýady kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin zerur şertleriň döredilmegi ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Kitap hakynda «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle diýilýär: «Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir. Kitapsyz öý ýüreksiz beden ýalydyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýär». Şeýle hem bu kitapda «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Kitapsyz okalmaz, merdiwansyz çykylmaz» ýaly nakyllar, dürdäne jümleler bar. Adama özüni tanamaga mümkinçilik bermegi kitap okamagyň esasy peýdaly tarapydyr. Okaýan adam haýsy ugruň üstünlige ýetirip biljekdigini, haýsy ugruň öz häsiýetine kybap geljekdigini saýgaryp biler. Adamyň kitapdan okan zatlary belli bir derejede onuň häsiýetine siňýär.
Hormatly Prezidentimiz kitaphanalarda elektron we internet hyzmatlaryny ýola goýmak, bu ugurdaky işleri sanly ulgama geçirmek, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kitaphanalaryna usulyýet kömegini, ylmy maslahatlary bermek meselesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Medeniýet ulgamynyň aýratyn ugry bolan kitaphana işini döwrebap özgertmek, ýaşlary çeper döredijilige höweslendirmek, bu ulgamy kämilleşdirmek babatda ençeme maksatnamalar kabul edildi. «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda kitaphana işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady, durmuş esaslaryny kesgitleýän, her bir raýatyň maglumata, bilimlere bolan erkin elýeterliligini, kitaphanalarda saklanylýan milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlyklaryna, ylym-bilime goşulmaga hukugyny kepillendirýän, kitaphana ulgamynyň döredilmegini we işlemegini, kitaphana gaznalarynyň abat saklanylmagyny üpjün etmek, kitaphanalardan peýdalanyjylara kitaphana hyzmatynyň guralyşy bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän esasy hukuk resminamasydyr.
Elektron kitaplaryň köpçülikleýin ýaýramagy bilen, olary belli bir maglumat binýadynda saklamagyň zerurlygy ýüze çykýar. Maglumat binýadynyň döredilmegi okyjylar üçin amatly bolup, olar islän kitabyny tiz wagtyň dowamynda tapmaga mümkinçilik alýarlar. Elektron kitaphanalaryň ösmegi, edebiýat gorunyň artmagy, ilkinji nobatda, kitaphana işiniň elektron görnüşe geçirilmegini guramak hem-de onuň ulanyjylar köpçüligine barha giňden ýaýramagy bilen amala aşyrylýar. Bu babatda ýurdumyzda netijeli işler alnyp barylýar.
Gülnara BIGAMOWA,
Döwletli etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň çagalar bölüminiň kitaphanaçysy.