Dark
Light
13.09.2026
caga terbiye usul THE ASHGABAT TIMES

Mekdebe çenli döwürde

06.06.2026

Ynsan gurluşynyň, onuň dünýägaraşynyň we zehin binýadynyň iň çalt kemala gelýän döwri — mekdebe çenli ýaşdyr. Şonuň üçin hem bilim ulgamyndaky islendik özgertmäniň gözbaşy hut çagalar baglaryndan ugur almalydyr. Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy şu günki gün bilim we terbiýeçilik edaralarynyň öňünde düýbünden täze wezipeleri goýdy. Häzirki wagtda mekdebe çenli bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, pedagogik işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak we iň döwrebap tehnologiýalary amalyýete ornaşdyrmak işi iň möhüm ugurlaryň biri hökmünde üns merkezinde saklanýar.

Döwrebap pedagog — bu diňe bir taýýar maglumaty çaga ýetirýän adam däl-de, eýsem, çaganyň içki dünýäsindäki gizlin zehin uçgunlaryny tapýan we ony sanly dünýäniň mümkinçilikleri bilen baýlaşdyrýan gözlegçi şahsyýetdir. Häzirki wagtda ýaş nesilleriň maglumatlary kabul ediş aýratynlygy öňki döwürlerdäkinden düýpli parhlanýar. Olar wizual, ýagny göz bilen görüp, sesleri eşitmek we amaly taýdan synap görmek arkaly dünýäni has çalt tanaýarlar. Ine, şu ýerde sapaklarda sanlylaşdyrylan serişdeleri — interaktiw tagtalary, öwrediji elektron oýunlary we multimediýa programmalaryny ulanmak zerurlygy ýüze çykýar. Sanly gurallar arkaly guralýan sapaklar çaganyň diňe bir ýatkeşligini ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, onda logiki oýlanma, derňew geçirmek we çalt çözgüt tapmak başarnyklaryny hem kemala getirýär.

Emma iň kämil tehnologiýa hem, professional pedagogiň döredijilikli gözlegleri bolmasa, diňe gury gural bolup galar. Şol sebäpli biziň tejribämizde pedagogik işgärleriň özbaşdak döredijilikli taslamalary işläp düzmäge bolan ukyplaryny baýlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Taslama usuly — bu mugallymyň ýa-da terbiýeçiniň öz ugruna täzeçe garamagyna, adaty sapagy uly bir ylmy-gözleg ýa-da döredijilik meýdançasyna öwürmegine mümkinçilik berýär. Her bir terbiýeçi öz sapagyny guran mahaly, multimediýa serişdelerini milli terbiýäniň, ata-babalarymyzdan gelýän pelsepewi ýörelgeleriň ruhy bilen utgaşdyrmalydyr. Meselem, sanly serişdeleriň üsti bilen halk ertekilerini interaktiw görnüşde görkezmek ýa-da çagalaryň multimedia oýunlary arkaly ene diliniň baýlygyny öwrenmegini gazanmak — pedagogik döredijiligiň miweleridir.

Ajaýyp zamanamyzda döredijilikli işlemäge, jemgyýetçilik çärelerine gatnaşyp abraý gazanmaga, ilhalar ogul-gyzlary, kämil perzentleri ösdürip ýetişdirmäge, olaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmaga gönükdirilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagtyýar çagalaryň, ata-eneleriň hem-de ähli bilim-terbiýeçilik düzümleriniň agzybir işgärleriniň köňül alkyşlary egsilmezdir.

Maral MEMIÝEWA,
Çärjew etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga 26 terb THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Körpe nesliň kämil geljegi bakja-baglaryndan başlanýar

ykdysady halk new 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýaşlaryň geljeginiň binýadydyr

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

Bedew bady bilen rowaçlygyň röwşen ýoluna!

11.09.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlar rowaçlanýar, her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp ýylda belent maksatlary nazarlap

Bilim – adamzadyň iň uly baýlygy

11.09.2026
Häzirki döwürde islendik jemgyýetiň hem-de ýurduň ösüşiniň esasy şertleriniň biri bilimli, başarnykly we maksada okgunly nesli terbiýelemekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni
GitTop