Dark
Light
10.06.2026
2026 06 01t17 14 28 bb24e71e 1e5b 4eb5 ba61 2232b0b618b4 THE ASHGABAT TIMES

Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri guralar

01.06.2026

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde 4 — 6-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly we medeni gatnaşyklary has-da berkitmäge gönükdirilen bu giň gerimli çäre Russiýanyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrlikleri tarapyndan, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň hem-de «Roskonsert» federal döwlet býujet medeniýet edarasynyň bilelikde guramagynda amala aşyrylýar.

Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň çäginde watandaşlarymyzyň we daşary ýurtly sungat söýüjileriň gatnaşmagynda birnäçe dabaraly çäreler meýilleşdirildi. Türkmenistanly döredijilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky ilkinji dabaraly konsert 4-nji iýunda «Russkaýa pesnýa» teatrynda Moskwa wagty bilen sagat 19:00-da bolar. Sungat baýramçylygy 6-njy iýunda «Et Cetera» teatrynda Moskwa wagty bilen sagat 18:00-da guraljak ýapylyş konserti bilen jemlener.

Medeni çäreleriň çäginde diňe bir aýdym-sazly çykyşlar bilen çäklenilmän, eýsem halkymyzyň baý mirasyny tanatmaga niýetlenen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergileri hem guralar. Şeýle-de sergide milli däp-dessurlaryň we gadymy senetçiligiň nusgalarynyň görkezilişi hem bolar.

Medeniýet günleriniň çärelerine giriş dolulygyna mugt bolup, oňa gatnaşmak isleýän tomaşaçylar öňünden hasaba durmak arkaly dabaralara gatnaşyp bilerler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2026 06 01t14 22 00 cb2d3fac b216 4577 8a9a db312e25c580 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen pälwany ýetginjekleriň Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

2026 06 01t15 53 18 4c6c5dca 3e15 4998 ba32 42530ec633d5 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaş alymyň halkara üstünligi

Soňkylar Habar

GitTop