Dark
Light
13.11.2026
garassyz halk THE ASHGABAT TIMES

Okgunly ösüşleriň binýady

06.06.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň keşbi günsaýyn özgerip, halkymyzyň ýaşaýyş derejesi ýokarlanýar. Şanly ýylyň ajaýyp bahary Watanymyzy galkyndyrmak ugrundaky giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilip, asylly işleriň rowaçlanýandygyny tassyklaýar.

«Gurýan döwlet gurpludyr» diýen jümle ösüşlere beslenýän zamanamyzyň belent hakykatyny beýan edýär. Ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, her bir maşgalany häzirki zaman öýi bilen üpjün etmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman obalarydyr şäherçeleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. 8-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy hem şanly ýylyň buýsançly wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda döwrebap obadyr şäherçeleriň döredilmegi bilen birlikde, olary iri şäherler bilen birleşdirýän häzirki zaman ulag-logistika düzümleri, ýokary tizlikli ýollar gurulýar. Türkmenistany Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky möhüm ulag halkasyna öwürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly şeýle taslamalaryň iň möhümleriniň biridir. Golaýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen bu iri taslamanyň jemleýji tapgyry bolan Mary — Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berildi. Uzynlygy 600 kilometre, umumy bahasy 2,3 milliard amerikan dollaryna barabar bolan bu taslamanyň «Türkmen awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda ýerli gurluşyk düzümleri tarapyndan gurulmagy ony özleşdirmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň içerki işewürligiň bähbidine hyzmat edýändigini görkezýär.

Uglewodorod serişdeleriniň tassyklanylan gorlary babatda dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan tebigy serişdelerini yzygiderli özleşdirýär. Hormatly Prezidentimiziň «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna girişmek barada degişli resminama gol çekmegi bu ugurda diýseň ähmiýetli ädim boldy. 15 — 17-nji aprelde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dostlugyň we strategik hyzmatdaşlygyň täze wakalary bolup geçdi. Şol günlerde Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet ýurdumyzda saparda bolup, uly taslamalaryň, döwletli işleriň täze tapgyryna badalga berildi.

Görnüşi ýaly, bu asylly işler döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, ýurdumyzyň mümkinçilikleriniň her bir adamyň we bütin halkyň abadançylygyna gönükdirilýändigini aýan edýär.

Bagtygül GELDIMURADOWA,
Döwletli etrabynyň Daşrabat geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

20260604 103305 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Rumyniýanyň Informatika boýunça Milli ylmy-barlag we ösüş institutynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

caga 26 terb THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Körpe nesliň kämil geljegi bakja-baglaryndan başlanýar

Soňkylar Makalalar

Parahatçylygyň durnukly binýady

12.11.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer daşary syýasaty, öňe sürýän belent maksatlary halkara

Dil bilen dünýä açylýar

12.11.2026
Häzirki döwürde Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň özenini ýaş nesle bolan ynam we alada düzýär. Ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýaşlaryň

Bitaraplyk buýsanjy

12.11.2026
Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň biragyzdan goldanylyp, dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi ikinji müňýyllygyň örän möhüm wakasy boldy.

Gurýan döwlet gurply döwletdir

12.11.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat
GitTop