2025-2026-njy okuw ýyly hem uly üstünlikler bilen jemlendi. Bu okuw ýylynda Mary welaýatynyň mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik düzümlerinde hem netijeli işler alnyp baryldy. Okuw ýylynda bakja-baglaryň bilim işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşikleriň döwlet tapgyrynda welaýatymyzyň birnäçe wekilleriniň hem baýrakly orunlara mynasyp bolmagy biziň ählimizi begendirmek bilen, täze üstünliklere has ynamly taýýarlanmaga pursat döretdi. Olaryň ýürek buýsançlaryny bolsa biz saýtyň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildik.
Sähragül AKMÄMMEDOWA,
Mary etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri:
— 2025-2026-njy okuw ýylynda «Ýylyň iň göreldeli çagalar bagynyň müdiri» diýen ada mynasyp bolmak, döwlet derejesinde bu bäsleşigiň Baş baýragyny eýelemek meniň hünär durmuşymda ýatdan çykmajak waka boldy. Bu bäsleşik biziň çagalar bakja-bagymyzda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, usulyýet-guramaçylyk we dolandyryş çärelerini amala aşyrmakda toplan tejribelerimizi açyp görkezmäge mümkinçilik berdi. Bu üstünligi diňe bir özüm üçin däl, eýsem bakja-bagymyzyň ähli işgärleriniň we körpeleriniň hem gazanan üstünligi diýip hasap edýärin. Sebäbi işiň ählitaraplaýyn netijeli bolmagynda oňa gatnaşýanlaryň we dahylly adamlaryň ählisiniň hem goşandy bar. Biz mundan beýläk hem ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlarymyzy goşmakda, ýaş nesliň bilim-terbiýeli, terbiýeçilik işgärleriniň hünär taýdan kämil bolup zähmet çekmekleri, döredijilik, täzeçillik we döwrebaplyk başlangyçlary bilen öňe gitmegi maksat edinýäris. Bildirilen uly ynamdan ruhlanyp, halal we päk ýürekden eşretli ertirlerimiziň eýeleri bolan bagtyýar nesilleriň has kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Haltäç ÝUSUPOWA,
Wekilbazar etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri:
— «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda jemlenen okuw ýyly biziň çagalar bakja-bagymyzyň durmuşynda hem baý wakalara, bilim, hünär üstünliklerine beslendi. Biziň çagalar bakja-bagymyz hem bu ýylda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda «Ýylyň iň gowy çagalar bagy» diýen at bilen geçirilýän bäsleşigiň döwlet derejesinde II orna mynasyp boldy. Bu bakja-bagymyzda okuw-terbiýeçilik işleriniň, hojalyk, arassaçylyk, dolandyryş ugurly wezipeleriniň, usulyýet kämilliginiň görkezijisi bolmak bilen mundan beýläk hem has netijeli işlemäge ruhlandyrdy. Baýrakly orna eýe bolmak ähli körpelerimizi, ata-eneleri we işgärlerimizi buýsandyrdy. Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, döwrebaplaşdyrmaga, has netijeli we tutanýerli zähmet çekip, körpe nesilleri milli ruhda terbiýelemäge, hünärimizi kämilleşdirmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden we ajaýyp şertlerden ruhlanyp zähmet çekmek bolsa bizi has röwşen ertirlere sary ynamly gadam basmaga höweslendirýär.
Ejegül KARAÝEWA,
Mary şäheriniň 12-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri:
— Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda her okuw ýylynda «Iň gowy topar otagy» saýlanýar. Döwlet derejesinde geçirilýän bu bäsleşige biziň bakja-bagymyzyň topar otagy hem hödürlenip, II orna mynasyp boldy. Uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynyň topar otagy bäsleşigiň şertlerine laýyk hasaplanyp ýeňişli orna mynasyp görülmegi bizde buýsanç duýgularyny döretdi. Häzirki zaman mümkinçilikleri, bilim gurşawy, oňaýly we talabalaýyk şertleri, bezeg işleriniň maksadalaýyklygy, oýun burçlarynyň, usulyýet burçlarynyň we beýleki serişdeleriň, okuw-görkezme we paýlama esbaplarynyň, diwarlyklarynyň talabalaýyklygynyň hili we mazmuny bilen tapawutlanýan bu topar otagynda ussat terbiýeçiler Ejegyz Amanowa, Bahar Hanmuhammedowa zähmet çekýär. Terbiýeçileriň işjeňligi, olaryň döredijilikli zähmeti netijesinde esasy durkundan hem has kämilleşdirilen görnüşe eýe bolan şeýle toparlarda çagalaryň sagdyn ösüşi, terbiýesi we bilim-sowatlylygy gazanylýar. Ýagty, arassa, usuly talaplara laýyk gelýän sanly bilim serişdeleri ornaşdyrylan şeýle topar otaglarynda zähmet çekmek we ýaş nesli terbiýelemek her bir bilim işgäri üçin uly derejedir.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, bilim işgärleriň hünär taýdan kämilleşýändigini we olaryň höweslendirilýändigini, işjeň zähmete sarpa goýulýandygyny, geljekde has netijeli işlemäge mümkinçilikleriň artýandygyny alamatlandyrýan bu çykyşlardan hem görnüşi ýaly, welaýatymyzyň her bir terbiýeçisiniň we hünärmenleriň ýürek buýsançlary egsilmezdir. Körpelerimizden başlap ähli bilim-terbiýeçilik işgärleri şeýle bagtyýar durmuş we ajaýyp zähmet mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarlar.
Taýýarlan Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirligi.