Biziň günlerimizde daşky gurşawy goramak, ekologik medeniýeti kemala getirmek we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini durnukly ösdürmek halkara bileleşiginiň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen we her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni uly ähmiýete eýedir. Welosiped ― tebigat bilen ynsanyň, gözellik bilen sagdynlygyň arasyndaky sazlaşyk.
Hormatly Prezidentimiz: «Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyzda bu halkara baýram bütindünýä bileleşigi bilen birlikde, ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Bütindünýä welosiped gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ata Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýär.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligini sagdyn ýaşaýşa çagyrmakdaky, döwletleriň arasynda ekologik abadançylygy wagyz etmekdäki möhüm ädimleri boldy.
Jemläp aýdanyňda, welosiped diňe bir çagalyk guraly ýa-da dynç alyş serişdesi bolman, ol biziň daşky gurşawymyzyň ekologik durnuklylygyna goşýan şahsy goşandymyzdyr. Şu nukdaýnazardan, 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni her birimize saglygymyzy berkitmäge, tebigaty aýamaga we durmuşa has işjeň gatnaşmaga çagyryşdyr.
Aýbölek ARTYKMYRADOWA,
TDP-niň Döwletli etrap komitetiniň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça EHM-niň operatory.