Dark
Light
10.06.2026
haly bayram THE ASHGABAT TIMES

Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

01.06.2026

Düýn – 31-nji maýda Aşgabatda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi, şeýle hem Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçirildi.

Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi esasy baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde milli halyçylyk sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerinden ybarat sergi ýaýbaňlandyryldy. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada, açyk asmanyň astynda halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň aýratynlyklary şöhlelendirildi. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. 

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy geçirildi. 

Soňra Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan türki dünýäde halyçylyk senediniň ösdürilmegine goşýan goşantlary üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşigine ýörite diplomyň we öňdebaryjy halyçylara Minnetdarlyk hatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Günüň ikinji ýarymynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň wekilleri, ylym-bilim, medeniýet we sungat işgärleri, dünýäniň ylmy, işewürlik jemgyýetçiliginiň agzalary, alymlar, halyşynaslar gatnaşdylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

whatsapp image 2026 05 30 at 15.45.48 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

erkin gores 26 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony (U23) boldy

Soňkylar Habar

GitTop