Dark
Light
06.11.2026
puskin haly THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekileriniň esasynda elde dokalan haly döredildi

17.06.2026

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly elde dokalan halyny döretdi. Taslama Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde amala aşyryldy.

Ölçegi 2 x 1,5 metr bolan halyda ussat halyçylar Lukomorýäni, Altyn horazy, «Patyşa Soltan hakyndaky ertekiniň» gahrymanlaryny we beýik şahyryň eserlerinden beýleki belli keşpleri şekillendirdiler.

Bu haly Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda döredildi we bu biziň üçin uly buýsançdyr. Ol diňe bir amaly-haşam sungatynyň eseri däl, eýsem, medeni diplomatiýanyň özboluşly görnüşi hem-de rus medeniýetine we onuň baky gymmatlyklaryna goýulýan çuňňur hormatyň nyşanydyr. Taslamanyň aýratyn manysy onuň türkmen zenan halyçylary tarapyndan dokalanlygydyr. Bu medeniýetiň halklary birleşdirýändiginiň aýdyň mysalydyr.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

miwes THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tomusda näme iýmeli?

snimok THE ASHGABAT TIMES
Next Story

XIX asyrda Buhara türkmenleriniň medeniýeti

Soňkylar Habar

Aşgabatda V halkara teatr festiwaly açyldy

06.11.2026
Şu gün – 6-njy noýabrda Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly açyldy. Medeni forumyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabatda halkara zähmet maslahaty geçirildi

05.11.2026
Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat boldy. Çäre Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
GitTop