Dark
Light
12.06.2026
gumruk bbir penjire THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamyna emeli aň ornaşdyryldy

04.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy 1-nji iýundan başlap «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» (tradebridge.gov.tm) web-portalynda emeli aň tehnologiýasynyň işe girizilendigini habar berdi. Täze hyzmat eksport we import edilýän harytlar boýunça maglumatlary has çalt almaga we gümrük amallaryna taýýarlygy ýeňilleşdirmäge giň mümkinçilik berer.

Habarda bellenilişi ýaly, ulanyjylar emeli aňyň kömegi bilen harytlaryň Daşary ykdysady işiň haryt sanawy boýunça kodlaryny kesgitläp, zerur rugsat beriş resminamalary hem-de gümrük paçlarynyň möçberi barada deslapky maglumatlary alyp bilerler. Ulgam türkmen, rus we iňlis dillerinde göni iş tertibinde işlär.

Taslama Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) hyzmatdaşlygynda durmuşa geçirildi. Ol «Gümrük işini sanlylaşdyrmak arkaly sebitleýin arabaglanyşygy ösdürmek we «Akylly» gümrügi döretmek» başlangyjynyň çäklerinde amala aşyryldy.

«Bir penjire» ulgamy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde döredilip, eksport, import we üstaşyr amallary bilen bagly döwlet hyzmatlaryny bir sanly platformada birleşdirýär. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ulgam 24 ministrligiň we pudak edaralarynyň hyzmatlaryny öz içine alýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2143212423 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

abbs THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär

Soňkylar Habar

GitTop