Dark
Light
06.10.2026
110626 47 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alanlara diplomlar gowşuryldy

12.06.2026

Düýn – 11-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. 

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini bermek hakynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi okaldy. Bu resminama laýyklykda, ýurdumyzyň alymlarynyň 6-syna ylymlaryň doktory, 25-sine bolsa ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejeleri berildi. Şeýle hem hyzmatdaş daşary ýurtlarda degişli ylmy işlerini gorap, alymlyk derejelerini alan Türkmenistanyň birnäçe alymlarynyň ylymlaryň doktory hakyndaky resminamalarynyň 5-si, ylymlaryň kandidaty hakynda resminamalarynyň 6-sy ykrar edilip, olara alymlyk derejeleri berildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tp kosk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy

teatr 2626 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

Soňkylar Habar

GitTop