Dark
Light
16.06.2026
27092023 001 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi

03.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak babatda işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň bu ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem “Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy” hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Source

Leave a Reply

Your email address will not be published.

welo THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylygyň we dostlugyň simwoly

360 f 567769467 j9luw8fbvwilsl8p3xpmwxiag0rsldim 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Jemgyýet we adamyň içki dünýäsi

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop