Dark
Light
12.08.2026
korey baydak THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna ilkinji sapary meýilleşdirilýär

30.06.2026

2026-njy ýylda geçiriljek “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” birinji sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna ilkinji sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli iberen gutlag hatynda belledi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem Li Çže Mýon gutlag hatynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran üç saparynyň iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýady goýandygyny belledi.

Şeýle-de ol geçen ýylyň iýunynda hem-de şu ýylyň mart aýynda Eýranda ýaşaýan Koreýa Respublikasynyň raýatlarynyň Türkmenistanyň çäginden geçmegi bilen baglanyşykly bildirilen hemmetaraplaýyn goldaw üçin hoşallyk bildirdi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanda gämigurluşyk hem-de senagat desgalarynyň gurluşygy ýaly iri taslamalary amala aşyrýan koreý kompaniýalaryna berilýän goldawy hem ýokary bahalandyryp, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim yaslar 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaşlar – beýik geljegiň eýeleri

aragatnasyk forum THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda Halkara elektrik aragatnaşyk birleşiginiň geljegiň aragatnaşyk tehnologiýalaryna bagyşlanan forumy geçirilýär

Soňkylar Habar

12-nji awgust – Hazar deňziniň güni

12.08.2026
Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni bellenilýär. Bu halkara sene Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak, onuň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak
GitTop